Esasy materiala geçiň

Irlandiýanyň we Beýik Britaniýanyň ýerli dilinde hoş habar wagyz edilýär

Irlandiýanyň we Beýik Britaniýanyň ýerli dilinde hoş habar wagyz edilýär

Ýehowanyň Şaýatlary Irlandiýanyň we Britaniýanyň a ýerli dillerinde gepleýän adamlara wagyz etmek üçin, köp tagalla edýärler. Ol ýeriň ýaşaýjylary iňlis dilinden başga-da irland, gael (şotland) we wels dilinde gepleýärler.

2012-nji ýylyň sentýabrynda jw.org web-saýtynyň birnäçe dillerde täzeden seredilen görnüşi çykdy. 2014-nji ýylyň awgust aýynda bolsa, saýtymyz irland, gael (şotland) we wels dilinde çykdy. Şeýle-de biz bu dillerde her dürli edebiýatlarymyzy çykaryp başladyk. Bu nähili netije berdi?

Buthanada gulluk edýän bir ruhany gael (şotland) dilinde Mukaddes Ýazgylara esaslanan kitapçany alanda, ony şol bada sesli okap, aglap başlaýar. Oňa näme täsir etdikä? Bu adam onuň gowy terjime edilendigine haýran galýar we begenjinden ýaňa: «Muny kim terjime etdi? Sözüm ýok!» diýýär.

Jw.org saýty gael (şotland) dilinde çykanyna bir aý bolanda, oňa 750-ä golaý adam girdi.

Irlandiýanyň Golueý şäherindäki Halkara uniwersitetiniň professory Ýehowanyň Şaýatlary bilen gürleşende, din hakda gyzyklanmaýandygyny aýdýar. Ýöne oňa «Mukaddes Ýazgylar näme habar berýär?» atly broşýuranyň irland dilinde bardygyny aýdanlarynda, ol şol broşýurany bermegini haýyş edýär. Onuň pikiriçe, hemme adamlar Mukaddes Ýazgylara esaslanan edebiýatlary öz ene dilinde okamaly. Şeýle-de ol edebiýatlary irland dilinde çykarýandyklary üçin, Şaýatlary öwdi.

Uly ýaşly bir aýal wels dilinde Mukaddes Ýazgylara esaslanan broşýurany alanda, begenip şeýle diýdi: «Dogrymy aýtsam, şuny maňa iňlis dilinde beren bolsaňyz, men almazdym. Ýöne muny öz ene diliňde okamak göwnüňi göterýär!»

2014-nji ýylyň awgust aýynda biz jw.org saýtynda wels dilindäki edebiýatlaryň sanyny hasam köpeltdik. Şondan soň, web-saýtymyza wels dilindäki edebiýatlary okamak üçin girýän adamlaryň sany şol aý öňküsinden-de iki esse artdy.

«Biz bir dilde gepleýäris»

Isa iki şägirdine Ýazgylary düşündirip gelýärkä, olar: «Ol biziň bilen ýolda gepleşip gelýärkä, Ýazgylary doly düşündirende, ýüregimize güýçli täsir etmändimi näme?» diýdiler (Luka 24:32). Mukaddes Ýazgylardaky hakykaty adama ene dilinde düşündireniňde, onuň ýüregine jüňk bolup, durmuşyna güýçli täsir edýär.

Welsden Emir diýen bir adam Ýehowanyň Şaýadyna öýlenýär, ýöne ol aýalynyň dinini kabul etmeýär. Soňra ol Rassel diýen Şaýat bilen dostlaşýar. Emir garaýşyny nämäniň üýtgedendigini şeýle düşündirýär: «Rassel „Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär? b“ kitabyny alyp, ýanyma gelende, men Mukaddes Ýazgylar okuwyny çynlakaý geçip başlamagy ýüregime düwdüm. Ol kitabyny maňa berip: „Ine, bu wels dilinde. Biz häzir şu kitaby öwrenip başlarys“ diýdi». Emir Rasseliň okuw geçmek üçin eden gönümel teklibini näme üçin kabul etdikä? Ol şeýle diýýär: «Sebäbi ikimizem bir dilde gürleýäris, medeniýetimiz hem bir bolandygy üçin, bir-birimize gowy düşünýäris». Mukaddes Ýazgylary öz ene dilinde öwrenmegi Emiriň «ýüregine güýçli täsir etdi», sebäbi ol hemme zada gowy düşünýärdi.

Ýehowanyň Şaýatlary, mundan beýlägem, adamlaryň ýüregine güýçli täsir edýän öz ene dillerinde Hudaý barada öwrenmäge kömek ederler.

a Beýik Britaniýa diýlende, Angliýa, Şotlandiýa hem-de Wels ýurtlary göz öňünde tutulýar.

b Ýehowanyň Şaýatlarynyň Mukaddes Ýazgylary öwrenmek üçin çykarýan gollanmasy.