Esasy materiala geçiň

Ýehowanyň Şaýatlary zekat berýärmi?

Ýehowanyň Şaýatlary zekat berýärmi?

 Ýok, Ýehowanyň Şaýatlary zekat bermeýärler. Biziň işlerimiz berilýän pul sadakalarynyň kömegi bilen amala aşyrylýar. Eýsem zekat näme we Ýehowanyň Şaýatlary näme üçin zekat bermeýärler?

 Hudaý Musa pygamberiň üsti bilen gadymy ysraýyl halkyna zekat, ýagny emläginiň ondan bir bölegini bermeklik barada kanun beripdi. Emma Mukaddes Kitapda aýdylmagyna görä, Musa pygambere berlen kanun we «ondan bir bölegini ýygnamaly» diýlen tabşyryk şu günki Hudaýyň gullukçylaryna degişli däl (Ýewreýler 7:5, 18; Koloslylar 2:13, 14).

 Ýehowanyň Şaýatlary zekat hem-de sadaka ýygnamagyň deregine, I asyrdaky Hudaýyň gullukçylarynyň göreldesine eýerýärler. Olar iki usul bilen: birinjiden, adamlara Hudaý barada mugtuna bilim berip, ikinjiden, pul sadakalaryny berip, wagyz işini goldaýarlar.

 Şeýdip, biz Mukaddes Kitabyň görkezmelerine eýerýäris. Ol ýerde mesihçilere: «Goý, her kim göwünli-göwünsiz ýa-da mejburlyk bilen däl-de, göwnünden çykaran zadyny bersin» diýilýär (2 Korinfliler 9:7).