Esasy materiala geçiň

Ýehowanyň Şaýatlary başga dinlere nähili garaýar?

Ýehowanyň Şaýatlary başga dinlere nähili garaýar?

 Adamlar haýsy dine uýsa-da, biz Mukaddes Kitapdaky tabşyryga gulak asyp, «ähli adamlara hormat goýýarys» (1 Petrus 2:17). Mysal üçin, käbir ýurtlarda ýüz müňlerçe Ýehowanyň Şaýady bar. Ýöne biz syýasy ýa-da hökümet işgärlerine beýleki dini toparlary gadagan etdirjek bolmaýarys. Şeýle-de biz öz ahlak kadalarymyzy we dini düşünjämizi ähli adamlaryň kabul etmegi üçin kanun çykartjak bolup, kampaniýa geçirmeýäris. Gaýtam, biz her bir adamyň garaýşyna hormat goýýarys we olaryň hem şeýle etmegini isleýäris (Matta 7:12).