Esasy materiala geçiň

Ýehowanyň Şaýatlary dinara işlere goşulýarlarmy?

Ýehowanyň Şaýatlary dinara işlere goşulýarlarmy?

 Biz, Ýehowanyň Şaýatlary Hudaýa iman etmek barada dürli dindäki adamlar bilen gürrüňdeş bolýarys. Emma biz dinara işlere goşulmaýarys, ýagny dürli dinler bilen birleşip, Hudaýa sežde etmeýäris. Mukaddes Kitapda hakyky mesihçileriň ynanýan zatlarynyň birmeňzeş bolup, agzybir sežde etmelidigi aýdylýar (Efesliler 4:16; 1 Korinfliler 1:10; Filipililer 2:2). Bu olaryň ýöne bir söýgi, duýgudaşlyk we geçirimlilik ýaly ajaýyp häsiýetleri gymmat saýmalydygyny görkezmeýär. Biziň dini ynançlarymyz Mukaddes Kitapdaky «dogry bilime» esaslanýar, ýogsam imanymyz biderek bolardy (Rimliler 10:2, 3).

 Mukaddes Kitaba görä, başga dindäki adamlar bilen bilelikde sežde etmek «imansyzlar bilen bir boýuntyryga giren» ýaly hasaplanýar. Bu bolsa mesihçiniň imanyna zyýan ýetirýär (2 Korinfliler 6:14—17). Görşümiz ýaly, Isa şägirtlerine dinara işlere gatnaşmaga rugsat bermedi (Matta 12:30; Ýahýa 14:6). Şonuň ýaly-da Hudaýyň Musa pygamber arkaly beren Kanunynda gadymy ysraýyllylara goňşy halklar bilen bile sežde etmek gadagan edilýärdi (2 Musa 34:11—14). Hydyr pygamberiň günlerinde hem wepaly ysraýyllar başga dindäki adamlaryň dini maksat bilen teklip eden kömeginden ýüz öwürdiler (Hydyr 4:1—3).

Ýehowanyň Şaýatlary başga dindäki adamlar bilen gürrüňdeş bolýarlarmy?

 Hawa. Pawlus resulyň göreldesine eýerip, biz «mümkin boldugyndan, köp adamlaryň» garaýşy we dini ynançlary bilen gyzyklanmaga jan edýäris (1 Korinfliler 9:19—22). Olar bilen gürrüňdeş bolanymyzda, Mukaddes Kitapdaky «(adamlara) çuňňur hormat» goýuň diýen maslahata ýürekden eýermäge çalyşýarys (1 Petrus 3:15).