Esasy materiala geçiň

Ýehowanyň Şaýatlarynyň Isa pygamberiň ölen gününi belleýşi näme üçin beýleki dinlerden tapawutlanýar?

Ýehowanyň Şaýatlarynyň Isa pygamberiň ölen gününi belleýşi näme üçin beýleki dinlerden tapawutlanýar?

 Biz Isa pygamberiň ölen gününi bellänimizde, Mukaddes Kitabyň görkezmesine berk eýermäge çalyşýarys. Oňa «Halypamyzyň agşam nahary» ýa-da Isanyň ölüminiň ýatlama agşamy hem diýilýär (1 Korinfliler 11:20). Emma başga dinleriň bu babatda ynanýan we eýerýän zatlary Mukaddes Kitaba esaslanmaýar.

Näme maksat bilen bellenilýär?

 Biz «Halypamyzyň agşam naharynda» Isa pygamberiň ölen gününi ýatlap, onuň biziň üçin eden zatlaryna minnetdarlygymyzy görkezýäris (Matta 20:28; 1 Korinfliler 11:24). Bu ölen adamy beýgeltmek ýa-da günäleriň ötülmegi ýaly, ýöne bir dini adat ýa-da baýramçylyk däl a. Mukaddes Kitap biziň günälerimiz dini däp-dessurlar arkaly däl-de, Isa iman edýändigimiz üçin bagyşlanýar diýip öwredýär (Rimliler 3:25; 1 Ýahýa 2:1, 2).

Näçe gezek bellenilýär?

 Isa pygamber şägirtlerine «Halypamyzyň agşam naharyny» bellemegi tabşyrsa-da, ony näçe gezek bellemelidigini aýtmandy (Luka 22:19). Käbirleri muny her aý, başgalar bolsa her hepde, her gün, günüň dowamynda birnäçe gezek ýa-da adam haçan ýerlikli hasaplasa, şonda belläp bilýär diýip pikir edýärler b. Emma käbir zatlary göz öňünde tutmaly.

 Isa «agşam naharyny» ýehudylaryň Pasha baýramy güni girizipdi we şol gün hem aradan çykypdy (Matta 26:1, 2). Bu tötänden däldi. Mukaddes Kitapda Isanyň ölümi Pashalyk guzusy bilen deňeşdirilýär (1 Korinfliler 5:7, 8). Pasha baýramy bolsa ýylda bir gezek bellenilýärdi (2 Musa 12:1—6; 3 Musa 23:5). Şonuň ýaly irki mesihçiler Isanyň ölüminiň ýatlama gününi ýylda bir gezek belleýärdiler c. Ýehowanyň Şaýatlary hem bu düzgüne eýerýärler.

Haçan bellenilýär?

 Isanyň ýola goýan bu düzgüni ony diňe bir näçe gezek däl-de, eýsem, haçan bellemelidigine düşünmäge kömek edýär. Isa Ýatlama agşamyny b. e. 33-nji ýylynyň 14-nji nisanynda ýewreýleriň kalendary boýunça Gün ýaşandan soň girizipdi (Matta 26:18—20, 26). Irki mesihçileriň göreldesine eýerip, biz hem ony her ýyl şol senede belleýäris d.

 B. e. 33-nji ýylynda nisan aýynyň 14-i hepdäniň anna gününe düşen bolsa-da, häzir ol her ýyl hepdäniň dürli günlerine gabat gelýär. Biz 14-nji nisanyň her ýyl haýsy güne gabat gelýändigini ýehudylaryň häzirki kalendary boýunça däl-de, Isanyň günlerindäki usula eýerip hasaplaýarys e.

Çörek we şerap

 Isa ýatlama agşamyny girizende, Pasha baýramyndan galan hamyrmaýasyz çöregi we şeraby ulanypdy (Matta 26:26—28). Onuň göreldesine eýerip, biz hem Ýatlama agşamynda düzümine hiç hili goşundy goşulmadyk hamyrmaýasyz çöregi we düzümine şeker ýa-da başga zatlar garylmadyk şeraby ulanýarys.

 Käbir dinler çörege hamyrmaýa ýa-da başga bir zat goşýarlar. Emma Mukaddes Kitaba görä, hamyrmaýa günäni we zaýalygy aňladýar (Luka 12:1; 1 Korinfliler 5:6—8; Galatýalylar 5:7—9). Şol sebäpli düzümine hiç zat goşulmadyk hamyrmaýasyz çörek Isanyň günäsiz bedenini aňladyp bilýär (1 Petrus 2:22). Şeraba derek üzümiň şiresini ulanmak hem Mukaddes Kitaba gabat gelmeýär. Käbir dinler spirtli içgileri içmegi gadagan edýändigi üçin Ýatlama agşamynda üzümiň şiresini ulanýarlar. Emma bu Mukaddes Kitapda aýdylanlara garşy gelýär (1 Timoteos 5:23).

Göni manydaky beden we gan däl-de, nyşanlar

 Ýatlama agşamynda ulanylýan hamyrmaýasyz çörek bilen gyrmyzy şerap Mesihiň günäsiz bedenini we ganyny aňladýar. Käbir adamlar çörek gudrat arkaly bedene, şerap bolsa gana öwrülýär ýa-da biri-biri bilen garyşýar diýip pikir edýär. Geliň, şeýle düşünjäniň Mukaddes Kitaba näme üçin gabat gelmeýändigine seredeliň.

  •   Eger Isa şägirtlerine göni manyda öz ganyny içmegi tabşyran bolsa, onda ol Hudaýyň gandan gaça durmak barada beren kanunyny bozmaga iterdigi bolardy (1 Musa 9:4; Resullar 15:28, 29). Ýöne bu beýle bolmady, sebäbi Isa başgalary Hudaýyň mukaddes gan babatda beren kanunyny bozmaga hiç haçan itermeýärdi (Ýahýa 8:28, 29).

  •   Eger resullar göni manyda gany içen bolsalar, onda Isa öz ganynyň adamzadyň günäleri üçin «döküljekdigini» aýtmazdy (Matta 26:28).

  •   Isa öz janyny «bir gezekde hemişelik» gurban berdi (Ýewreýler 9:25, 26). Eger Ýatlama agşamynda çörek bilen şerap Isanyň bedenine we ganyna öwrülen bolsa, şu günler ondan dadýanlar Isany gaýta-gaýta gurban berdigi bolardy.

  •   Isa «meni gurban getirmek» üçin däl-de, «meni ýatlamak üçin berjaý ediň» diýdi (1 Korinfliler 11:24).

 Çörek bilen şerabyň Isanyň bedenine we ganyna öwrülendigine ynanýan adamlar Mukaddes Kitabyň belli bir aýatlaryna salgylanýarlar. Meselem, Mukaddes Kitabyň köp terjimelerinde Isanyň şerap barada aýdan sözleri: «Bu meniň ganymdyr» diýip ýazylan (Matta 26:28). Emma Isanyň sözlerini şeýle terjime etse bolýar: «Bu meniň ganymy aňladýar» ýa-da «Bu meniň ganymyň nyşany». f Isa köplenç öwredende edişi ýaly, bu ýerde-de meňzetme (metafora) ulanýar (Matta 13:34, 35).

Nyşanlardan kimler dadýar?

 Halypamyzyň agşam naharynda ulanylýan çörekden we şerapdan Ýehowanyň Şaýady bolan az sanly adam dadýar. Näme üçin?

 Isanyň dökülen gany arkaly Ýehowa Hudaý gadymy ysraýyl halky bilen baglaşan ähtiniň deregine «täze äht» baglaşdy (Ýewreýler 8:10—13). Şol täze ähte degişli bolan adamlar nyşanlardan dadýarlar. Olara mesihçileriň ählisi däl-de, diňe Hudaý tarapyndan «çagyrylanlar» degişli (Ýewreýler 9:15; Luka 22:20). Olar Mesih bilen gökde höküm sürerler; Mukaddes Kitapda şeýle hormata eýe boljaklaryň sanynyň 144 000 adamdan ybaratdygy aýdylýar (Luka 22:28—30; Ylham 5:9, 10; 14:1, 3).

 Mesih bilen bile höküm sürmäge çagyrylan «kiçi sürüden» tapawutlylykda, «uly märekä» degişli bolan sansyz-sajaksyz adamlar ýer ýüzünde ebedi ýaşamaga umyt edýärler (Luka 12:32; Ylham 7:9, 10). Ýer ýüzünde ýaşamaga umyt edýän adamlar nyşanlardan datmasalar-da, Ýatlama agşamyna gatnaşyp, Isanyň olar üçin beren tölegine minnetdardygyny görkezýärler (1 Ýahýa 2:2).

a «McClintock and Strong’s Cyclopedia» (IX tom, sah. 212).

b Mukaddes Kitabyň käbir terjimelerinde «näçe gezek» diýen jümle Halypamyzyň agşam nahary bilen bagly ulanylyp, ony näçe gezek bellemelidigine düşünmäge kömek edýär. Emma asyl nusgada «her gezek» diýen sözler ulanylýar (1 Korinfliler 11:25, 26).

c «The New Schaff-Herzog Encyclopedia of Religious Knowledge» (IV tom, sah. 43, 44) we «McClintock and Strong’s Cyclopedia» (VIII tom, sah. 836).

d «The New Cambridge History of the Bible» (I tom, sah. 841).

e Ýewreýleriň häzirki kalendaryna görä, täze Aýyň dogýan wagty nisan aýynyň başy hasaplanýar. Emma I asyrda beýle däldi. Şol döwürde aýyň başyny täze dogan Aýyň Iýerusalimiň ýokarsynda görünmegi bilen hasaplanylýardy. Bu bolsa täze Aýyň dogmagyndan bir gün ýa-da ondan köpräk wagt geçensoň bolýardy. Ýehowanyň Şaýatlarynyň Isa pygamberiň ölen gününi belleýşi näme üçin beýleki dinlerden tapawutlanýandygynyň bir sebäbi şudur.

f «A New Translation of the Bible, by James Moffatt»; «The New Testament—A Translation in the Language of the People, by Charles B. Williams» we «The Original New Testament, by Hugh J. Schonfield».