Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ON ALTYNJY BAP

Ol paýhasly, mert we janaýamazdy

Ol paýhasly, mert we janaýamazdy

1—3. a) Ester patyşanyň tagtyna golaýlaşdygy saýyn özüni nähili duýýardy? b) Patyşa Esteriň gelmegine nähili garady?

ESTER patyşanyň tagtyna ýuwaşlyk bilen golaýlaşdygy saýyn ýüregi çalt urýar. Göz öňüne getir, patyşanyň köşgünde dym-dyrslykdy we Ester öz aýak sesini hem-de şa lybasynyň pasyrdysyny eşidýär. Ol köşgüň ululygyna, owadan sütünlere we Liwan kedr agajyndan oýlup nagyşlanan potologa-da üns bermeýär. Esteriň bar ünsi tagtda oturan adama gönükdirilendi, sebäbi jany onuň elindedi.

2 Patyşa Esteriň oňa tarap uzadylan altyn hasa golaýlaşýanyna ünsli seredýär. Bu ýönekeý hereket bolsa-da, patyşanyň ýanyna çakylyksyz gelen Estere rehim edilip, ölüm jezasynyň berilmejekdigini aňladýardy. Ester patyşanyň golaýyna baryp, minnetdarlyk bilen hasanyň ujuna elini degirýär (Est. 5:1, 2).

Ester patyşanyň rehim edendigine pesgöwünlilik bilen minnetdarlyk bildirdi

3 Patyşanyň daş-keşbinden örän baýdygy we uly ygtyýarynyň bardygy görünýärdi. Pars patyşasynyň eginbaşy häzirki pul bilen hasaplanyňda ýüzlerçe million dollara barabardy. Ester patyşanyň ýüzünde mähir gören bolmaly, sebäbi ol Esteri özüçe gowy görýärdi. Patyşa oňa: «Şa aýaly Ester, saňa näme gerek? Näme islegiň bar? Patyşalygymyň ýarysy hem bolsa, ol saňa berler» diýdi (Est. 5:3).

4. Ester nähili kyn işi etmelidi?

4 Ester halkyny halas etmek üçin patyşanyň ýanyna gelip, eýýäm imanynyň berkdigini we mertdigini görkezdi. Onuň niýeti başa barsa-da, entek bir kyn işi etmelidi. Ester tekepbir patyşa onuň ynamdar maslahatçysynyň erbet adamdygyny subut etmelidi. Sebäbi ol patyşany aldap, Esteriň halkyny ýok etmeklige iterdi. Ester patyşany nädip ynandyryp biler we biz onuň imanyndan nädip görelde alyp bileris?

Ester geplemeli wagtyny paýhasly saýlady

5, 6. Ester Wagyz kitaby 3:1, 7-nji aýatlardaky prinsipe eýerip, paýhaslydygyny nädip görkezdi?

5 Ester patyşa kynçylygyny wezirleriniň ýanynda aýdarmy? Eger aýtsa, onda ol ýoldaşyny kemsiderdi we onuň maslahatçysy Hamana özüni aklar ýaly mümkinçilik bererdi. Şonuň üçin Ester näme eder? Ýüzlerçe ýyl mudan öň ýaşan Süleýman patyşa: «Her zadyň öz möwrüti bar... dymmagyň öz wagty bar, geplemegiň öz wagty» diýipdi (Wag. 3:1, 7). Hudaýyň wepaly gullukçysy Mordekaý Estere terbiýe berende, şonuň ýaly prinsipleri öwreden bolmaly. Ester geplemeli wagtyny paýhasly saýlamalydygyny bilýärdi.

6 Ester oňa: «Eger patyşa oňlasa, şa we Haman şu gün meniň patyşa üçin guran meýlisime gelsinler» diýdi (Est. 5:4). Patyşa Haman bilen gelmäge razylaşdy. Esteriň patyşa bilen paýhasly gürleşenine üns berdiňmi? Ol patyşa hormat goýup, gepleşmek üçin amatly pursat döretdi (Süleýmanyň tymsallary 10:19-y oka).

7, 8. Esteriň guran birinji meýlisi nähili boldy we ol näme üçin patyşa haýyşyny aýtmady?

7 Elbetde, Ester ýoldaşynyň göwnünden turmak üçin gowy meýlis gurmagyň aladasyny edendir. Meýlisde patyşanyň keýpini göterer ýaly gowy şerap hem bardy (Zeb. 104:15). Kserks patyşa keýpi kök bolanda, Esterden näme haýyşynyň bardygyny sorady. Indi Esteriň aýtmaly wagty geldimi?

8 Ester beýle pikir etmeýärdi. Ol patyşa bilen Hamany ertesi ýene-de meýlise çagyrdy (Est. 5:7, 8). Ol näme üçin haýyşyny şol bada aýtmadyka? Ýadyňa düşýän bolsa, patyşa Esteriň halkyny gyrmak barada perman çykarypdy. Bu örän howpludy, şol sebäpli ol haýyşyny aýtmak üçin has gowy wagty saýlady. Ester garaşyp, ýoldaşyna çuňňur hormat goýýandygyny ýene-de bir gezek görkezjek boldy.

9. Sabyrly bolmagyň nähili peýdasy bar we bu babatda Esterden nädip görelde alyp bileris?

9 Sabyrlylyk — seýrek duş gelýän we gymmatly häsiýet. Ester gynanyp, ýüregindäkini patyşa aýdasy gelse-de, ol sabyrlylyk bilen amatly pursada garaşdy. Biz adalatyň dikelmegini islesek, Esteriň mysalyndan köp zady öwrenip bileris. Biz kynçylygymyzy çözmek üçin ygtyýarly adama ýüz tutanymyzda, Esteriň göreldesine eýerip, sabyrly bolmaly. Süleýmanyň tymsallary 25:15-de: «Hökümdar sabyr bilen yrylýandyr, ýumşak dil süňki döwýändir» diýilýär. Eger bizem Ester ýaly amatly pursada sabyrly garaşyp, ýumşak gepleşsek, güýçli duşmanlarymyzdanam üstün çykarys. Ýehowa Estere sabyrly we paýhasly bolandygyna ak pata berdimi?

Adalatlygy dikeltmek üçin sabyrly bolmaly

10, 11. Haman birinji meýlisden gaýdansoň, näme üçin keýpi gaçdy we aýaly bilen dostlary oňa näme maslahat berdi?

10 Ester sabyrly bolany üçin ýagdaý birden üýtgedi. Haman patyşanyň we şa aýalynyň merhemetini gazanandyryn öýdüp, birinji meýlisden «şadyýan, göwnühoş» bolup gitdi. Emma köşgüň derwezesinden çykanda, tagzym etmeýän Mordekaýa gözi düşdi. Geçen bapdan bilşimiz ýaly, muny Mordekaý sylamaýandygy üçin däl-de, Hudaýy gynandyrmajak bolup, ynsaby sebäpli etmeýärdi. Muňa garamazdan, Haman «gahar-gazapdan doldy» (Est. 5:9).

11 Haman bu barada aýalyna we dostlaryna gürrüň berýär. Şonda olar beýikligi 22 m bolan bir dar agajyny taýýarlamagy we Mordekaýy agaçdan asmak üçin patyşadan rugsat soramagy maslahat berdiler. Bu Hamanyň göwnünden turdy we ol derrew dar agajyny taýýarlady (Est. 5:12—14).

12. Patyşa näme üçin köşgüň ýyl ýazgylaryny sesli okap berdiler we ol nämäni bildi?

12 Şol gije patyşa ýatyp bilmeýär. Mukaddes Ýazgylarda «patyşanyň gözüne uky gelmänsoň», oňa köşgüň ýyl ýazgylaryny sesli okap berlendigi aýdylýar. Onda Kserks patyşany öldürmek üçin dildüwşigiň bolandygy baradaky ýazgy bardy. Şol waka we dildüwşenlere ölüm jezasynyň berlendigi patyşanyň ýadyna düşýär. Dildüwşügiň üstüni açan Mordekaýa näme boldy? Patyşa gaýga batyp, Mordekaýa näme hezzet-hormat edilendigi barada sorady. Patyşanyň emeldarlary näme jogap berdi? Olar: «Oňa hiç zat edilmedi» diýdiler (Ester 6:1—3-nji aýatlary oka) *.

13, 14. a) Hamanyň abraýdan düşüp başlandygy nämeden görünýär? b) Aýaly bilen dostlary Hamana näme diýdiler?

13 Patyşa ýalňyşyny düzetjek bolup, maslahatlaşmak üçin wezirlerini gözläp başlady. Şol gün irden köşge Mordekaýa ölüm jezasyny bermek üçin patyşadan rugsat soramaga Haman gelipdi. Emma Haman dil ýarmazdan öň, patyşa ondan merhemetini gazanan adamy nädip hormatlap boljakdygy barada maslahat sorady. Haman özi hakda aýdylýandyr öýdüp, oňa patyşanyň şa lybasyny geýdirip, atyna mündürip, Suzada aýlamagy we ony şöhratlandyryp jar çekmegi maslahat berdi. Göz öňüne getir, şeýdip Mordekaýy aýratyn hormatlamalydygyny eşidende, Hamanyň ýüzi, gör, nähili üýtgändir! Patyşanyň Mordekaýy şöhratlandyryp, jar çeker ýaly kimi belländigini bilýärmiň? Hamany! (Est. 6:4—10).

14 Haman berlen ýumşy göwünli-göwünsiz berjaý edip, gaharlanyp öýüne gaýtdy. Muny aýaly bilen dostlary erbetligiň alamaty saýyp, onuň ýehudyly Mordekaýdan üstün çykyp bilmejekdigini aýtdy (Est. 6:12, 13).

15. a) Esteriň sabyrly bolmagy nähili netije berdi? b) Ýehowa bil baglamak näme üçin paýhasly?

15 Esteriň ýene bir gün sabyrly garaşmagy Hamany abraýdan düşürdi. Patyşanyň ýatyp bilmändigine Ýehowa sebäpkärdimi? (Sül. tym. 21:1). Hawa, sebäbi Hudaýyň Sözünde Ýehowa bil baglamagyň wajypdygy aýdylýar! (Mika 7:7-ni oka) *. Biz Hudaýa bil baglap, sabyrly bolsak, onuň kynçylygymyzy özümizdenem gowy çözjekdigine göz ýetireris.

Ol ýüregine daş baglap gepledi

16, 17. a) Esteriň geplemeli wagty haçan geldi? b) Esteriň öňki şa aýaly Waştydan näme tapawudy bar?

16 Ester guran ikinji meýlisinde patyşa ähli zady gürrüň bermegi ýüregine düwýär. Ol muny nädip ederkä? Patyşa ýene-de Esterden näme haýyşynyň bardygyny soraýar (Est. 7:2). Şonda Esteriň aýtmaly pursady geldi.

17 Göz öňüne getir, Ester içinden Hudaýa doga edip: «Eý, patyşahym, eger men seniň göwnüňden turan bolsam, eger patyşa oňlasa, meniň dilegim boýunça janym, islegim boýunça-da halkym berilsin» diýýär (Est. 7:3). Ol patyşanyň islegine we gelen kararyna hormat goýýandygyny aýtdy. Ester ýoldaşyny bilgeşleýin kemsiden patyşanyň öňki aýaly Waştydan örän tapawutlanýardy! (Est. 1:10—12). Şeýle-de ol patyşany Hamana ynanandygy üçin ýazgarmady. Gaýtam, ol patyşa janyny halas etmek barada ýalbardy.

18. Ester patyşa kynçylygy barada nädip aýdýar?

18 Patyşa Esteriň sözlerine haýran galýar. Şa aýalyny şeýle howply ýagdaýa kim saldyka? Ester: «Men we meniň halkym gyrlyp, bütinleý ýok edilmek üçin satyldyk. Eger biz diňe bir gul-gyrnak edilmek üçin satylan bolsadyk, onda men sesimi çykarmazdym, çünki gam-gussamyz bilen patyşany biynjalyk edip bolmaz» diýdi (Est. 7:4). Üns beren bolsaň, Ester kynçylygy barada gönümel aýdyp, gulçulyga satylan bolsam, dil ýarmazdym diýdi. Şeýle-de ol ýehudylaryň gyrylmagy patyşanyň özüne-de zyýan ýetirjekdigi barada aýdýar.

19. Adamy ynandyrmak babatda biz Esterden näme öwrenip bileris?

19 Adamy ynandyrmak babatda biz Esterden köp zat öwrenip bileris. Sen dogan-garyndaşlaryňa ýa-da ygtyýarly adama kynçylygyňy aýtmaly bolanyňda, sabyrly bolsaň, hormat goýsaň we açyk gürleşseň gowy bolar (Sül. tym. 16:21, 23).

20, 21. a) Ester Hamany paş edensoň patyşa näme etdi? b) Bu ýagdaýda Haman özüni nähili alyp bardy?

20 Kserks patyşa: «Beýle iş etmäge ýürek eden adam kim? Ol nirede?» diýip sorady. Suratda görşüň ýaly, Ester elini uzadyp: «Biziň ganym duşmanymyz, ine, şu zalym Hamandyr!» diýdi. Bu sözler Hamana nähili täsir etdi? Ol gaty gorkdy. Patyşa ynamdar maslahatçysynyň töhmet atyp, mähriban aýalyny ýok etmek üçin perman çykaranyna gaty gahary gelýär! Patyşa özüni ele almak üçin baga çykyp gidýär (Est. 7:5—7).

Ester şol zalym adamyň Hamandygyny görkezdi

21 Paş edilen Haman Esteriň aýagyna ýykylýar. Patyşa yzyna gelende, Esteriň ýaplanyp oturan çarpaýasyna Hamanyň özüni oklanyny görende, meniň öýümde şa aýalyny zorlajak bolýarmyň diýip gaharlanýar. Bu onuň öldüriljekdigini aňladýardy. Şol bada Hamanyň ýüzüni büräp äkitdiler. Patyşanyň hyzmatkärleriniň biri Hamanyň Mordekaýy asmak üçin beýik dar agajyny taýýarlap goýandygyny aýdýar. Kserks patyşa şol dar agaçdan Hamanyň özüni asmagy buýurýar (Est. 7:8—10).

22. Esteriň mysaly umydymyzy üzmän imanymyzy berk saklamaga nädip kömek edýär?

22 Şu adalatsyz dünýäde adalatlyk hiç haçan bolmajak ýaly görünýär. Senem şeýle pikir edýärmiň? Ester hiç haçan umydyny üzmedi we imanyny gowşatmady. Wagty gelende, ol hakykaty aýdyp, galan zady Ýehowa tabşyrdy. Geliň, bizem Ester ýaly bolalyň! Ýehowa häzirem üýtgemedi. Ol Haman ýaly erbet adamlary paş edip, olaryň guran duzaklaryna özlerini düşürýär (Zebur 7:11—16-njy aýatlary oka).

Ester Ýehowa we halky üçin janyny aýamady

23. a) Kserks patyşa Mordekaýy we Esteri nädip sylaglady? b) Ölüm ýassygynda Ýakubyň Benýamin barada aýdan pygamberligi nädip berjaý boldy? (« Berjaý bolan pygamberlik» diýen çarçuwa seret).

23 Ahyry, patyşa Mordekaýyň diňe bir onuň janyny halas eden wepaly hyzmatkäri däl-de, eýsem Esteriň atalygydygyny bildi. Kserks patyşa Hamana derek Mordekaýy belledi. Hamanyň öýüni we emlägini bolsa, Estere berdi. Esterem Mordekaýy hojalygynyň üstünden gözegçi edip goýdy (Est. 8:1, 2).

24, 25. a) Haman paş edilensoňam, Ester näme üçin biynjalyk boldy? b) Ester näme üçin ikinji sapar janyny howp astyna saldy?

24 Ester bilen Mordekaý halas bolsa-da, şa aýaly biynjalyk bolýardy. Sebäbi ol diňe özi barada alada etmeýärdi. Hamanyň ýehudylary gyrmak baradaky permany imperiýanyň ähli künjegine ugradylypdy. Haman ýehudylary gyrmak üçin amatly gün saýlar ýaly pur, ýagny bije atypdy (Est. 9:24—26). Şol güne bir aý galsa-da, wagt çalt geçýärdi. Betbagtçylygyň öňüni almak üçin entegem giç däldi.

25 Ester patyşanyň ýanyna ikinji sapar çakylyksyz baryp, janyny howp astyna salýar. Bu gezek bolsa, ol patyşanyň ýanyna baryp, halkyny ýok etmek hakyndaky permany ýatyrmagy barada aglap ýalbarýar. Ýöne Pars patyşasynyň çykaran kanunyny ýatyryp bolmaýardy (Dan. 6:12, 15). Şol sebäpli patyşa Ester bilen Mordekaýa täze perman çykarmaga ygtyýar berýär. Bu perman ýehudylara özüni goramaga hukuk berýärdi. Imperiýanyň ähli künjegindäki ýehudylara gowy habary ýetirmek üçin dessine çaparlary ýolladylar. Ýehudylarda ýene-de umyt döredi (Est. 8:3—16). Göz öňüne getir, imperiýanyň ähli künjegindäki ýehudylar ýaraglanyp, söweşe taýýarlyk görýärler. Eger perman çykmadyk bolsa, olar muny edip bilmezdi. Esasanam, goşunlar Hudaýy Ýehowa olar bilen biledi (1 Şam. 17:45).

Ester bilen Mordekaý Pars imperiýasyndaky ýehudylar barada perman çykardy

26, 27. a) Ýehudylar Ýehowanyň kömegi bilen nähili ýeňiş gazandy? b) Hamanyň ogullarynyň öldürilmegi bilen haýsy pygamberlik berjaý boldy?

26 Bellenen gün gelende, Hudaýyň halky taýýardy. Pars imperiýasynyň han-begleri patyşanyň Mordekaýy baş maslahatçy edip belländigini eşidýärler we gorkup, ýehudylaryň tarapyny tutýarlar. Ýehowa halkyna uly ýeňiş gazanmaga kömek etdi. Ýehowa duşmanlary derbi-dagyn edip, halkyny ýok edilmeginden halas etdi * (Est. 9:1—6).

27 Hamanyň on ogly dirikä, Mordekaý onuň hojalygyny arkaýyn dolandyryp bilmeýärdi. Şol sebäpli olary hem öldürdiler (Est. 9:7—10). Şeýlelikde, Mukaddes Ýazgylardaky Hudaýyň halkynyň duşmany bolan amalekleriň ýok edilmegi baradaky pygamberlik berjaý bolýar (Kan. tag. 25:17—19). Hamanyň ogullary şol halkdan galan iň soňky adamlardy.

28, 29. a) Ýehowa näme üçin Ester bilen halkynyň urşa gatnaşmagyny isledi? b) Biz näme üçin Esteriň görkezen göreldesine begenýäris?

28 Ester uruş we ölüm jezasy bilen bagly permanlary çykaryp, agyr işi öz üstüne aldy. Muny etmek oňa aňsat däldi. Emma bu Ýehowanyň islegidi we onuň halkyny halas etmelidi, sebäbi ähli adamlara umyt berjek, wada edilen Isa Mesih ysraýyl halkyndan dogulmalydy! (Gel. çyk. 22:18). Şu günler Hudaýyň gullukçylary Isa Mesihiň şägirtlerine urşa gatnaşmaly däl diýen tabşyrygyny bilýärler (Mat. 26:52).

29 Emma mesihçiler ruhy söweşe gatnaşýarlar. Sebäbi şu günler Şeýtan Ýehowanyň halkynyň imanyny gowşatjak bolýar (2 Korinfliler 10:3, 4-nji aýatlary oka). Esteriň gowy görelde görkezendigine biz örän begenýäris. Bizem Ester ýaly paýhasly we mert bolup, adamy sabyrlylyk bilen ynandyryp, janymyzy aýaman Hudaýyň halkynyň tarapyny tutup, imanymyzy görkezip bileris.

^ abzas 12 Ester 6:1 Şol gije patyşanyň gözüne uky gelmän, ol köşgüň ýyl ýazgylaryny getirmegi buýurdy. Ony patyşanyň öňünde okadylar. 2 Ondan patyşanyň gapy saklaýan agtalary Bigtana bilen Tereşiň Kserks patyşanyň janyna kast etmek niýetleriniň bardygy barada Mordekaýyň aýdan zatlary hakyndaky ýazgy tapyldy. 3 Patyşa: «Munuň üçin Mordekaýa näme hezzet-hormat edildi?» diýdi. Patyşanyň emeldarlary: «Oňa hiç zat edilmedi» diýdiler.

^ abzas 15 Mika 7:7 Emma men gözlerimi Rebbe dikerin, Halasgär Hudaýyma bil baglaryn. Maňa gulak asar Hudaýym.

^ abzas 26 Patyşa ýehudylara ikinji gün hem duşmanlary bilen söweşip, ýeňiş gazanmaga mümkinçilik berdi (Est. 9:12—14). Şu günlerem ýehudylar her ýyl Adar aýynda, ýagny fewral aýynyň aýagynda ýa-da mart aýynyň başynda şol gazanan ýeňşini belleýärler. Şol baýramçylyga Purim diýilýär, sebäbi Haman ysraýyllylaryň ählisini heläk etmek üçin pur, ýagny bije atypdy.