Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

2-NJI SAPAK

Hak Hudaý kim?

Hak Hudaý kim?

1. Biz Hudaýa näme üçin sežde etmeli?

Hak Hudaý ähli zadyň Ýaradyjysydyr. Onuň ne başlangyjy bar, ne-de soňy (Zebur 90:2). Allatagala bize Mukaddes Ýazgylar arkaly hoş habaryny aýan edýär (1 Timoteos 1:11). Ol bize ýaşaýyş berdi, şol sebäpli biz diňe Hudaýa sežde etmeli. Ylham 4:11-i okaň.

2. Hudaý nähili şahsyýet?

Hudaýy hiç bir adam görüp bilmeýär, sebäbi Ol Ruhy  şahsyýet. Ruhy şahsyýet ýer ýüzünde ýaşaýan ähli janly-jandarlaryň bedeninden tapawutlanýar (Ýahýa 1:18; 4:24). Biz Allatagalany görüp bilmesek-de, ýaradan zatlary arkaly Ony tanap bilýäris. Meselem, dürli-dürli miweler we güller Onuň söýgi häsiýetini aýan edýär. Olaryň täsin ýaradylandygy bolsa, akyldarlygyny görkezýär. Ägirt uly älem-jahan Allanyň güýjüni aýan edýär. Rimliler 1:20-ni okaň.

Biz Hudaýyň nähili şahsyýetdigini, esasan, Mukaddes Ýazgylary okap öwrenip bilýäris. Meselem, onda Allatagalanyň nämäni halaýandygy we nämäni ýigrenýändigi, Özüni adamlar bilen nähili alyp barýandygy hem-de dürli ýagdaýlarda nähili hereket edýändigi beýan edilýär. Zebur 103:7—10-njy aýatlary okaň.

3. Hudaýyň ady barmy?

Isa pygamber: «Eý göklerdäki Atamyz! Adyň mukaddes bolsun» diýdi (Matta 6:9). Käbir adamlar Hudaýyň adyna Alla, Reb ýa-da Gudratygüýçli diýýärler. Emma bular Onuň häsiýetini ýa-da wezipesini görkezýän titullarydyr. Ýöne Allatagalanyň ýeke-täk ady bar. Onuň ady her dilde dürlüçe aýdylýar. Türkmen dilinde Hudaýyň adyna «Ýehowa» diýilýär. Zebur 8:1-i okaň.

Mukaddes Ýazgylaryň köp terjimelerinde Allanyň adyna derek Reb ýa-da Hudaý diýlen titullar goýlupdyr. Emma Mukaddes Ýazgylaryň asyl nusgasynda Allanyň ady takmynan 7000 gezek duş gelýär. Isa pygamber adamlara Hudaý hakda öwredende, Onuň ady barada-da aýdýardy. Ýahýa 17:26-ny okaň.

4. Ýehowa biziň aladamyzy edýärmi?

Allatagala söýýän ata hökmünde biziň hemmämize ýagşylyk etmek isleýär

Bütin dünýäde adamlaryň ejir çekýändigi Ýehowanyň biperwaý Hudaýdygyny aňladýarmy? Käbir adamlar Allatagala bizi synamak üçin ejir çekdirýär diýýärler. Emma bu beýle däl. Ýakup 1:13-i okaň.

Hudaý adama hormat goýup, saýlamakda erkinlik berdi. Ol bizi Özüne sežde etmäge mejbur etmeýär. Biz bu meselede erkin saýlamaga mümkinçiligimiziň bardygyna minnetdar bolmaly dälmi  näme?! (Ýeşuwa 24:15). Emma köp adamlaryň ýamanlyk edýändigi sebäpli biziň käbirimiz ejir çekýäris. Şeýle adalatsyzlyk Ýehowanyň ýüregini para-para edýär. Gelip çykyş 6:5, 6-njy aýatlary okaň, TD.

Ýehowa Hudaý biziň hemmämiziň aladamyzy edýär. Ol biziň şatlanyp ýaşamagymyzy isleýär. Hudaý tizden horluklary we olaryň sebäpkärlerini ýok eder. Emma häzir Onuň kynçylyklara ýol bermeginiň degerli sebäpleri bar. Ýöne bu köp wagt dowam etmez. Biz Allatagalanyň kynçylyklara näme üçin ýol berýändigine 8-nji sapakda serederis. 2 Petrus 2:9; 3:7, 13-nji aýatlary okaň.

5. Biz Hudaýa nädip ýakynlaşyp bileris?

Ýehowa bizi doga arkaly Özüne ýakynlaşmaga çagyrýar. Ol biziň her birimiz bilen aýratynlykda gyzyklanýar (Zebur 65:2; 145:18). Allatagala biziň ýazyklarymyzy geçmäge taýýar. Biz käte ýalňyşsak-da, Hudaýa ýaraýan işleri etmäge jan etsek, Onuň göwnünden turup bideris. Görşümiz ýaly, biz bikämil bolsak-da, Hudaýa ýakynlaşyp bilýäris. Zebur 103:12—14; Ýakup 4:8-i okaň.

Ýehowa bize ýaşaýyş berdi, şol sebäpli-de Ol islendik adamdan köp söýülmäge mynasypdyr (Markus 12:30). Siz Ýehowa barada köpräk bilim alyp, kanunlary boýunça ýaşasaňyz, Ony söýýändigiňizi görkezersiňiz. Bu bolsa sizi Oňa has-da ýakynlaşdyrar. 1 Timoteos 2:4; 1 Ýahýa 5:3-i okaň.