Mukaddes Kitapdan sapaklarym

Şu kitapdan Hudaýyň gullukçylary bilen bolan wakalar, Isa Mesihiň dogluşy we Hudaýyň Patyşalygy hakda bilersiň.

Ýolbaşçylyk maslahatynyň haty

Kitaby nädip öwrenmeli?

1-NJI SAPAK

Ýehowa gögi we ýeri ýaratdy

Mukaddes Kitapda Hudaýyň gögi we ýeri ýaradandygy aýdylýar. Hudaý näme üçin ilki perişdäni ýaratdy?

2-NJI SAPAK

Hudaý erkek bilen aýaly ýaratdy

Hudaý erkek bilen aýaly ýaradyp, Erem bagyna eltdi. Olaryň köp çagalary bolmalydy we ýer ýüzüni owadan baga öwürmelidi.

3-NJI SAPAK

Adam ata bilen How ene Hudaýy diňlemedi

Erem bagynyň ortasyndaky agaç näme üçin üýtgeşikdi? How ene näme üçin ondan iýdi?

4-NJI SAPAK

Gaharyna adam öldürdi

Hudaý Kabylyň däl-de, Habylyň gurbanlygyny kabul etdi. Kabyl gaharyna jigisini öldürdi.

5-NJI SAPAK

Nuhuň ýasan gämisi

Käbir perişdeler gyzlara öýlendi, olaryň ogullary boldy. Olar güýçli hem zalym bolansoň, erbet adamlar köpeldi. Ýöne Nuh gowy adamdy, Hudaýy söýýärdi we oňa gulak asýardy.

6-NJY SAPAK

Sekiz adam halas boldy

Ýagyş 40 gije-gündiz ýagdy. Nuh maşgalasy bilen gäminiň içinde bir ýyldanam köp ýaşady. Ahyry Ýehowa olara gämiden çykyp bilýändigini aýtdy.

7-NJI SAPAK

Wawilon diňi

Käbir adamlar uly şäher we asmana ýetip duran diň gurjak boldular. Hudaý näme üçin olaryň dilini üýtgetdi?

8-NJI SAPAK

Ybraýym bilen Bibisara Hudaýa gulak asdy

Ybraýym bilen Bibisara näme üçin Ur şäherindäki öýüni goýup gaýtdy?

9-NJY SAPAK

Ahyry ogly bolýar

Ýehowa kim arkaly hemme adamlara ýagşylyk eder? Yshakmy ýa Ysmaýyl?

10-NJY SAPAK

Duza öwrülen aýal

Ýehowa Sodom bilen Gomorra şäherine ot ýagdyrdy. Näme üçin? Lutuň aýalyndan näme üçin sapak edinmeli?

11-NJI SAPAK

Ybraýymyň imany synalýar

Ýehowa Ybraýyma: «Ogluňy al-da, Moriýa ýurdundaky daga git. Şol ýerde ony gurban ber» diýdi. Ybraýym Hudaýa gulak asarmy?

12-NJI SAPAK

Ýakup mirasdüşer bolýar

Yshak bilen Rebekanyň Ysaw we Ýakup atly ekiz ogullary bardy. Ysaw uly ogul bolany üçin, miras oňa galmalydy. Ol näme üçin mirasdan geçdi?

13-NJI SAPAK

Ýakup bilen Ysaw ýaraşýar

Ýakup perişdeden ak pata almak üçin näme etdi? Ol Ysaw bilen ýaraşmak üçin näme etdi?

14-NJI SAPAK

Gul edip satylan oglan

Ýusup dogry iş eşitse-de kösendi. Näme üçin?

15-NJI SAPAK

Ýehowa Ýusuby ýeke goýmady

Ýusup maşgalasyndan uzakda bolsa-da, Hudaý ony ýeke goýmady.

16-NJY SAPAK

Eýýup nähili adamdy?

Eýýup köp kynçylyklary görse-de, Ýehowa gulak asdy.

17-NJI SAPAK

Musa Ýehowa gulluk etmegi saýlady

Musany halas etmek üçin, Ýokebet üýtgeşik usul tapdy.

18-NJI SAPAK

Ýanyp duran ýandak

Ýanyp duran ýandagyň ody näme üçin öçmeýärdi?

19-NJY SAPAK

Müsüre berlen üç temmi

Tekepbir faraon sebäpli halk kösendi.

20-NJI SAPAK

Müsüre berlen alty temmi

Alty temmi kimlere zyýan ýetirdi?

21-NJI SAPAK

Onunjy temmi

Tekepbir faraon onunjy temmiden soň, ysraýyl halkyny goýberdi.

22-NJI SAPAK

Gyzyl deňizdäki gudrat

Ýehowa on temmi berende faraona hiç zat bolmady. Ýöne şu gezek ol janyny halas edip bildimi?

23-NJI SAPAK

Ysraýyllar Ýehowa söz berýär

Ysraýyllar Sinaý dagynda Ýehowa gulak asjakdygyny söz berýär.

24-NJI SAPAK

Ysraýyllar sözünde durmady

Hudaý Musa on tabşyryk berýär; ysraýyllar agyr günä edýär.

25-NJI SAPAK

Ysraýyllaryň guran çadyry

Çadyrda äht sandygy bar.

26-NJY SAPAK

Kengana giden 12 adam

Kengany gözden geçirmäge giden 12 adamyň içinde diňe Ýuşa bilen Kalep gowy habar aýtdy.

27-NJI SAPAK

Olar Ýehowa garşy çykdylar

Karun, Datan, Abyram we 250 adam Ýehowa garşy çykdylar.

28-NJI SAPAK

Bilgamyň eşegi gepleýär

Bilgam perişdäni görmese-da, eşek gördi.

29-NJY SAPAK

Ýehowa Ýuşany saýlady

Hudaýyň Ýuşa beren tabşyryklary häzir hem peýdaly.

30-NJY SAPAK

Rahaw iki adamy gizleýär

Ýerihonyň diwarlary ýykylýar. Ýöne Rahawyň öýi diwarda bolsa-da ýykylmaýar.

31-NJI SAPAK

Ýuşa bilen gibgonlylar

Ýuşa: «Ýehowa, Güni batyrmaý» diýip dileg edýär. Hudaý onuň dilegini eşitdimi?

32-NJI SAPAK

Barak bilen iki aýal

Ýuşa ölensoň, ysraýyllar butlara sežde edip başlady. Şonuň üçin olar görgi baryny gördüler. Ýöne Ýehowa olara Barak serdar, pygamber aýal Debora we Ýaýyl arkaly kömek edýär.

33-NJI SAPAK

Rut bilen Nagomy

Nagomy bilen Rut äri ölensoň, Ysraýyla gaýdýar. Rut Bowazyň melleginde işleýär. Bowaz hem ony synlaýar.

34-NJI SAPAK

Gedeýon midýanlary ýeňýär

Midýanlar ysraýyllara azar baryny berdiler. Ysraýyllar Ýehowa ýalbaryp kömek soradylar. Gedeýon azajyk adam bilen nädip 135 000 esgeri ýeňdi?

35-NJI SAPAK

Hanna Hudaýdan ogul dileýär

Alkana Hannany we Pennina bilen çagalaryny Şilodaky çadyra alyp gaýdýar. Şol ýerde Hanna Hudaýdan ogul dileýär. Bir ýyl geçensoň, Şamuwel dogulýar.

36-NJY SAPAK

Ýeftah söz berýär

Ýeftah näme söz berýär we näme üçin? Gyzy kakasynyň beren sözüni eşidende näme diýdi?

37-NJI SAPAK

Ýehowa Şamuwel bilen gepleşdi

Baş ruhany Alynyň iki ogly ruhany bolsa-da, Ýehowany diňlemeýärdi. Şamuwel çaga bolsa-da, olara meňzemedi. Ýehowa Şamuwel bilen gepleşýär.

38-NJI SAPAK

Ýehowa Şimşona güýç berdi

Hudaý Şimşona piliştliler bilen söweşmek üçin güýç beripdi. Emma ol ýalňyşdy, şonuň üçin piliştliler ony tutup türmä basdy.

39-NJY SAPAK

Ysraýylyň ilkinji patyşasy

Ýehowa halkyna serdarlary belleýär. Ýöne ysraýyllar patyşanyň bolmagyny isleýär. Şamuwel Şawuly patyşa belleýär. Biraz wagtdan Ýehowa patyşadan ýüz öwürýär. Näme üçin?

40-NJY SAPAK

Dawut bilen Jalut

Ýehowa Dawudy Şawuldan soň patyşa belledi. Dawut hem Ýehowanyň ynamyny ödedi.

41-NJI SAPAK

Dawut bilen Şawul

Şawul Dawudy näme üçin ýigrenýärdi? Dawut hem Şawuly ýigrendimi?

42-NJI SAPAK

Ýonatan batyrgaý hem wepaly

Patyşanyň ogly Ýonatan Dawudyň jana-jan dostudy.

43-NJI SAPAK

Dawut patyşa günä edýär

Ýekeje nädogry iş köp kynçylyklary döredýär.

44-NJI SAPAK

Ýehowanyň öýi

Hudaý Süleýmanyň dilegine jogap berdi we oňa köp işleri ynandy.

45-NJI SAPAK

Patyşalyk ikä bölünýär

Ysraýyllaryň köpüsi Ýehowa sežde etmegini goýdular.

46-NJY SAPAK

Ýehowa hak Hudaýdygyny subut etdi

Ýehowa hak Hudaýmy ýa Bagal?

47-NJI SAPAK

Ýehowa Ylýasa güýç berdi

Ýehowa saňa-da kömek edermi?

48-NJI SAPAK

Dul aýalyň ogly direlýär

Dul aýalyň öýünde bolan iki gudrat.

49-NJY SAPAK

Şa aýaly öldürilýär

Izabel Nabotyň üzümligini almak üçin ony öldürdýär. Ýehowa ony zalymlygy we adalatsyzlygy üçin jezalandyrdy.

50-NJI SAPAK

Ýehowa Ýehoşapata kömek edýär

Ýehoşapat gowy patyşady. Duşmanlar Ýahuda çozanda, patyşa Ýehowadan kömek soraýar.

51-NJI SAPAK

Goşunbaşy bilen gyzjagaz

Ysraýylly gyzjagaz hojaýynyň aýalyna Ýehowanyň güýçli Hudaýdygyny aýdýar. Şeýdip, olar Ýehowanyň gudratyny görýärler.

52-NJI SAPAK

Ýehowanyň goşuny

Alyşanyň hyzmatkäri Hudaýyň uly goşunynyň goraýandygyny gördi.

53-NJI SAPAK

Ýehoýada batyrgaýdy

Hudaýa wepaly ruhany zalym şa aýala garşy çykýar.

54-NJI SAPAK

Ýehowa Ýunusa sabyr etdi

Hudaýyň pygamberini nädip uly balyk ýuwutdy? Pygamber nädip halas boldy? Ýehowa oňa näme öwretdi?

55-NJI SAPAK

Ýehowanyň perişdesi Hizkiýany goraýar

Duşmanlar Ýehowanyň halkyny gorap bilmejekdigini aýdýar. Ýöne olar örän ýalňyşdy.

56-NJY SAPAK

Ýoşyýa Hudaýyň Kanunyny gowy görýärdi

Ýoşyýa sekiz ýaşynda patyşa bolýar. Ol halka Ýehowa sežde etmegi öwredýär.

57-NJI SAPAK

Ýehowa Ýermeýany iberýär

Ýaş pygamberiň aýdan habaryna ýaşulularyň gahary gelýär.

58-NJI SAPAK

Iýerusalim şäheri ýykylýar

Ýahudadaky adamlar butlara sežde edip, Ýehowadan daşlaşdylar.

59-NJY SAPAK

Ýehowa gulak asan ýigitler

Wawilona sürgün edilen dört ýaş ýigit patyşanyň köşgünde ýaşasa-da, Ýehowa wepaly boldy.

60-NJY SAPAK

Hudaýyň Patyşalygy ebedi durar

Danyýar Nawuhodonosar patyşanyň düýşüniň manysyny düşündirýär.

61-NJI SAPAK

Olar baş egmedi

Sedrah, Meşah we Abdynag Wawilon patyşasynyň ýasan altyn heýkeline baş egmedi.

62-NJI SAPAK

Uly agaç baradaky düýş

Nawuhodonosor düýşi arkaly gelejekde özüne näme boljagyny bilýär.

63-NJI SAPAK

Diwara ýazylan hat

El diwara haçan hat ýazýar we şol sözler nämäni aňladýar?

64-NJI SAPAK

Danyýar ýolbarsly çukura taşlanýar

Danyýar ýaly her gün Ýehowa doga et.

65-NJI SAPAK

Ester halkyny halas edýär

Ester başga milletden bolsa-da, patyşanyň aýaly boldy.

66-NJY SAPAK

Hydyr Kanuny öwredýär

Halk Hydyr ruhanyny diňlänsoň, Hudaýa söz berýär.

67-NJI SAPAK

Iýerusalimiň diwarlary

Nehemýa duşmanlaryň çozjagyny eşidýär. Ol näme üçin gorkmady?

68-NJI SAPAK

Elizabetiň ogly bolýar

Elizabetiň äri näme üçin çagasy dogulýança gepläp bilmedi?

69-NJY SAPAK

Merýemiň ýanyna perişde gelýär

Perişdäniň aýdan habary Merýemiň durmuşyny üýtgedýär.

70-NJI SAPAK

Perişdeler Isanyň doglandygyny aýdýar

Çopanlar Isanyň doglandygyny eşidende, derrew ony görmäge gitdiler.

71-NJI SAPAK

Ýehowa Isany gorady

Isany öldürjek bolan zalym patyşa aradan çykýar.

72-NJI SAPAK

Isanyň çagalygy

Isa ybadathanadaky mugallymlary nädip haýran galdyrdy?

73-NJI SAPAK

Ýahýa Isanyň geljekdigini aýdýar

Ýahýa ulalanda pygamber boldy. Ol adamlara Mesihiň geljekdigini aýdýardy. Ýahýanyň habaryny eşiden adamlar näme etdiler?

74-NJI SAPAK

Mesihiň kimdigi belli bolýar

Ýahýa Isa «Hudaýyň Guzusy» diýende nämäni göz öňünde tutdy?

75-NJI SAPAK

Şeýtan Isany synady

Şeýtan Isany näçe gezek synaýar we nädip? Isa Şeýtana nähili jogap berdi?

76-NJY SAPAK

Isa satyjylary kowýar

Isa näme üçin ybadathanadan mallary kowdy we pul çalyşýanlaryň stollaryny agdardy?

77-NJI SAPAK

Suw almaga gelen aýal

Isa samariýaly aýal bilen gepleşdi. Aýal näme üçin haýran galýar? Isa oňa nähili üýtgeşik zat aýtdy?

78-NJI SAPAK

Isa hoş habary wagyz edýär

Isa käbir şägirtlerine adam tutýan balykçy bolmagy öwretdi. Soňra ol 70 şägirdine wagyz etmegi öwretdi.

79-NJY SAPAK

Isa köp gudrat görkezýär

Isa nirede bolsa-da, kömek sorap gelen adamlary sagaldýardy. Ol hatda gyzjagazy hem direldýär.

80-NJI SAPAK

Isa 12 şägirdini saýlaýar

Isa şägirtleri näme üçin saýlady? Olaryň atlaryny bilýärsiňmi?

81-NJI SAPAK

Isanyň Dagdaky wagzy

Isa märekä wajyp zatlar barada öwretdi.

82-NJI SAPAK

Isa şägirtlerine doga etmegi öwretdi

Isa şägirtlerine näme barada doga etmegi öwretdi?

83-NJI SAPAK

Isa köp adamlary doýurdy

Isanyň eden gudratyndan ol hakda näme öwrenýäris? Ýehowa barada näme öwrenýäris?

84-NJI SAPAK

Isa suwuň ýüzünden ýöreýär

Resullar Isanyň gudratyny görende näme etdiler?

85-NJI SAPAK

Sabat güni bolan waka

Isa gudrat edende näme üçin köpler begenmedi?

86-NJY SAPAK

Isa Lazary direldýär

Isa Merýemiň aglaýanyny görüp aglady. Ýöne Isanyň gudraty hemmeleri begendirdi.

87-NJI SAPAK

Isanyň soňky agşam nahary

Isa şägirtlerine soňky agşam naharynda wajyp görkezmeleri berýär.

88-NJI SAPAK

Isa tutulýar

Iuda Iskariýot Isany satmak üçin eli gylyçdy we taýakly märekäni Getseman bagyna getirýär.

89-NJY SAPAK

Petrus Isadan ýüz öwürýär

Kaýafanyň howlusynda näme boldy? Kaýafanyň öýünde Isa näme etdiler?

90-NJY SAPAK

Isa Galgotada ölýär

Pilatus Isany näme üçin çüýledýär?

91-NJI SAPAK

Isa direlýär

Isa öldürilenden soň nähili üýtgeşik zat bolýar?

92-NJI SAPAK

Isa ýene şägirtlere görünýär

Isa olaryň ünsüni nämä çekdi?

93-NJI SAPAK

Isa göge gidýär

Isa göge gitmänkä, şägirtlerine wajyp tabşyryklary berýär.

94-NJI SAPAK

Şägirtlere mukaddes ruh berilýär

Mukaddes ruhuň güýji bilen şägirtler näme etdiler?

95-NJI SAPAK

Şägirtler wagyz etmegini goýmady

Isany öldüren dini ýolbaşçylar şägirtlere wagyz etmegi gadagan etdiler. Ýöne şägirtler batyrgaýlyk bilen wagyz etdiler.

96-NJY SAPAK

Isa Sawuly saýlaýar

Sawul mesihçileri ýigrenýärdi, ýöne soň ol üýtgeýär.

97-NJI SAPAK

Hudaý Korneliýe mukaddes ruhuny berýär

Hudaý näme üçin Petrusy başga milletli adamyň öýüne iberýär?

98-NJI SAPAK

Köpler Isanyň şägirdi bolýar

Pawlus bilen doganlar uzak ýerlerde wagyz edip başlaýar.

99-NJY SAPAK

Türmäniň gözegçisi Isa iman edýär

Şu wakada jynlar, ýer titreme we gylyç hakda näme diýilýär?

100-NJI SAPAK

Pawlus bilen Timoteos

Jana-jan dostlar köp ýyllap eginme-egin işleşýär.

101-NJI SAPAK

Pawlusy Rime äkidýärler

Ýolda köp kynçylyk bolsa-da, Pawlus resul Rime sag-aman barýar.

102-NJI SAPAK

Ýahýa görnüş görýär

Isa Ýahýa resula gelejek barada birnäçe görnüş görkezýär.

103-NJI SAPAK

«Patyşalygyň gelsin»

Ýahýa görnüşde Hudaýyň Patyşalygynyň gelejekde ýer ýüzünde etjek işlerini görýär.