Esasy materiala geçiň

ÝAŞLARYŇ SOWALLARY

Dostlukmy ýa söýgi? (I bölüm). Onuň nähili niýeti bar?

Dostlukmy ýa söýgi? (I bölüm). Onuň nähili niýeti bar?

 Sen bir gyzy (oglany) halaýarsyň we onuň hem seni halaýandygyna şübhelenmeýärsiň. Siz hemişe bir-biriňize SMS ýazýarsyňyz, oturyşyklara bile barýarsyňyz. Ýazýan käbir SMS-lerini okanyňda, onuň sende göwni bardyr öýdýärsiň.

 Onuň saňa nähili duýgusynyň bardygyny soraýarsyň. Ol bolsa saňa: «Men-ä seni dostum ýaly görýärin» diýip jogap berýär.

 Özüňi nähili duýarsyň?

 «Meniň oňa-da, özüme-de gaty gaharym geldi! Biz her gün bir-birimize SMS ýazýardyk, dogrudanam, ol maňa üns berýärdi. Şol sebäpli menem ony gowy görüp başladym» (Jasmin).

 «Halaşýan oglan-gyzlar biziň ikimizi-de duşuşyklaryna çagyrýardylar. Käte daşymyzdan biz hem halaşýan ýaly bolup görünýärdik. Biz başda köp gürrüňdeş bolýardyk, soňra bolsa sagatlap SMS ýazyşýardyk. Onuň maňa diňe dost hökmünde garaýandygyny we başga biri bilen halaşýandygyny bilmek gaty agyr degdi» (Riçard).

 «Bir oglan maňa her gün SMS ýazýardy, wagtyň geçmegi bilen, biz bir-birimize näz-kereşme edip başladyk. Men oňa duýgularymy aýdanymda, ol hezil edip güldi-de: „Men-ä häzir hiç kim bilen halaşmak islemeýärin“ diýip jogap berdi. Men gaty köp agladym» (Tamara).

 Netije: Kimdir biri seni halaýandyr öýtmek, soňra bolsa onuň saňa hiç hili duýgusynyň ýokdugyny bilmek gaty agyr degýär, özüňi oňaýsyz, hatda dönüklik edilen ýaly duýýarsyň. Stiwen atly oglan şeýle diýýär: «Men şeýle ýagdaýa düşenimde, el-aýagym ysgyndan gaçyp, dünýäm daralan ýaly boldy. Köp wagtlap men hiç kime ynanyp bilmedim».

 Munuň sebäbi näme?

 Biri bilen SMS ýazyşanyňda we sosial ulgamlary arkaly gepleşeniňde, saňa duýgusy bolmadyk adamy aňsatlyk bilen halamagyň mümkin. Gel, käbir oglan-gyzlaryň näme diýýändigini bileli.

 «Biri etmäge iş tapman, saňa SMS ýazýar. Sen bolsa ony başgaça kabul edip başlaýarsyň. Eger ol her gün SMS ýazsa, onda dogrudanam halaýandyr öýdersiň» (Jenifer).

 «Biri muny halaşmak üçin etse, beýlekisi ýöne bir wagtyny geçirmek ýa-da özüne bolan ynamyny artdyrmak üçin edýär» (Jeýmis).

 «„Gijäň rahat bolsun!“ diýen ýönekeý SMS-i biri „Mende göwni bar öýdýän“ diýip kabul etmegi mümkin. Aslynda bolsa, bu satyjylaryň harydyny geçirmek üçin aýdýan sözünden hiç hili tapawutlanmaýar» (Heýli).

 «„Smaýlik“ mylakatlylyk bildirmegi ýa-da näz-kereşme etmegi aňladyp biler. Şeýle „smaýligi“ alan adam näz-kereşme edilýändir diýip pikir etmegi mümkin» (Alisa).

 Netije: Üns bereninde söýýändir öýtme.

 Aýtmak aňsat, etmek kyn! Mukaddes Ýazgylarda: «Ynsan ýüregi ähli zatdan hilegärdir, halys ýoldan çykandyr» diýilýär (Ýermeýa 17:9). «Hyýalyňda gökde ganat ýaýma» diýlişi ýaly, bolmajak zatlara göwün ýüwürdip, süýji hyýallara gark bolma.

 Sen näme edip bilersiň?

  •   Başgaça seret. Biraz sägin-de, dörän ýagdaý barada oýlanyp gör. Özüňden: «Ol maňa başgalardan has köp üns berýär diýmäge esas barmy?» diýip sora. Eger duýgularyňa berilseň, «pikirlenmek ukybyň» üstüni örtersiň (Rimliler 12:1).

  •   Düşgür bol. Seni söýýändigini görkezýän ençeme sebäpler bolsa-da, başga taraplaryna üns berjek bol. Kimdir birine duýgyň bolsa, onuň hem saňa duýgusy bardyr diýip pikir etme.

  •   Sabyrly bol. Biri saňa ýakyndan tanyşmak isleýändigini açyk aýdýança, duýgularyňa erk et, ýogsam, göwnüçökgünlige düşersiň.

  •   Özüňi aldatma. Mukaddes Ýazgylarda: «Geplemegiň öz wagty bar» diýilýär (Wagyz kitaby 3:7). Eger biriniň sende göwnüniň bardygyny biljek bolsaň, onuň bilen gepleş. Waleriýa atly gyz şeýle diýýär: «Sende göwnüniň ýokdugyny soň bilip, ejir çekeniňden, öňünden bilip, biraz erbet bolanyň gowudyr».

 Netije: Süleýmanyň tymsallary 4:23-de: «Ýüregiňi gora» diýilýär. Birini halaýan bolsaň, onuň hem pikirini biljek bol. Munuň anygyna ýetmänkäň, duýgularyň ösmegine ýol berseň, edil çölde gül ösdürjek bolýan ýaly bolarsyň.

 Eger onuňam sende duýgularynyň bardygyny bilseň we duşuşmaga taýyn bolsaň, onda berk gatnaşyklary ösdürmelimi ýa-da ösdürmeli däldigini özüň saýlamaly bolarsyň. Ýadyňda bolsun, birmeňzeş ruhy maksatlary bolan we bir-biri bilen dogruçyl hem-de açyk gürrüňdeş bolýan är-aýalyň gatnaşyklary berk bolýar (1 Korinfliler 7:39). Dogrudan-da, berk dostluk bilen başlanýan gatnaşyk gitdigiçe berkeýär (Süleýmanyň tymsallary 5:18).