Esasy materiala geçiň

Baş perişde Mikaýyl kim?

Baş perişde Mikaýyl kim?

Mukaddes Kitabyň jogaby

 Mikaýyla käbir dinlerde «mukaddes Mikaýyl» diýilýär. Isa pygambere ýere gelmezinden öňem, göge dolanandan soňam Mikaýyl diýilýärdi a. Musa pygamber aradan çykandan soň, Mikaýyl Şeýtan bilen jedelleşipdi; şeýle-de ol bir perişdä Danyýar pygambere Hudaýyň habaryny ýetirmäge kömek etdi (Danyýar 12:1; Ylham 12:7). Mikaýyl «Hudaý ýaly kim bar?» diýmegi aňladýar. Ol adyna laýyk hereket edip, Hudaýyň hökümdarlygyny goraýar we onuň duşmanlaryna garşy söweşýär (Danyýar 12:1; Ylham 12:7).

 Baş perişde Mikaýyla Isanyň ady diýmäge nähili esas bar?

  •   Mikaýyl — baş perişde (Ýahuda 9). «Baş perişde» diýen titul Mukaddes Kitapda bary-ýogy iki gezek duş gelýär. Iki aýatda-da ol birlik sanda ulanylýar; diýmek, bu tituly diňe bir perişde göterýär. 1 Selanikliler 4:16-da direlen Halypamyz Isa barada şeýle diýilýär: «Gökden aşak iner-de... baş perişdäniň sesi bilen buýruk berer». Isa Mesih «baş perişdäniň sesi bilen» geplär. Sebäbi onuň özi baş perişde Mikaýyldyr.

  •   Mikaýyl perişdelerden ybarat goşuna ýolbaşçylyk edýär. «Mikaýyl perişdeleri bilen aždarha (Şeýtana) garşy... söweşdi» (Ylham 12:7). Mikaýylyň gökde uly ygtyýary bar. Sebäbi oňa «baş serdarlardan biri bolan» we «baş serdar» diýilýär (Danyýar 10:13, 21; 12:1). Deýwid On atly alymyň aýtmagyna görä, bu titullar Mikaýylyň perişdelerden ybarat goşuna ýolbaşçylyk edýändigini görkezýär.

     Mukaddes Kitapda perişdelerden ybarat bolan goşuna ýolbaşçylyk edýän ýene bir perişdäniň ady agzalýar. Ol barada şeýle diýilýär: «Halypamyz Isa güýçli perişdeleri bilen gökde peýda bolanda... oduň ýalny bilen jezalap aryny alar» (2 Selanikliler 1:7, 8; Matta 16:27). Şeýle-de Isa «Mesih göge gidip, Hudaýyň sag tarapynda oturdy we perişdeler, ygtyýarlylar, güýçler oňa tabyn edildi» (1 Petrus 3:21, 22). Elbetde, Hudaý bir-biri bilen bäsdeşlik edýän Isa we Mikaýyl atly iki ýolbaşçyny perişdelere baştutanlyk etmäge bellemezdi. Görşümiz ýaly, bu iki ady hem Isa göterýär.

  •   Mikaýyl «görlüp-eşidilmedik jebir-jepaly döwür» «öňe çykar» (Danyýar 12:1). Danyýar kitabynda köplenç «çykar» diýen işlik aýratyn bir hereketi etmäge niýetlenen patyşa bilen baglylykda ulanylýar (Danyýar 11:2—4, 21). «Hudaýyň Sözi» diýip atlandyrylýan Isa pygamber «patyşalaryň Patyşasy» hökmünde aýratyn bir hereket eder, ýagny Hudaýyň duşmanlaryny ýok edip, onuň halkyny gorar (Ylham 19:11—16). Bu «agyr muşakgatda bolar... ol dünýäniň başlangyjyndan tä şu günlere çenli ne bolandyr, ne-de bolar» (Matta 24:21, 42).

a Mukaddes Kitapda agzalýan başga-da adamlaryň birnäçe ady bolupdyr. Meselem, Ýakup (oňa Ysraýyl hem diýilýärdi), Petrus (oňa Simun hem diýilýärdi) we Taddewus (oňa Ýahuda hem diýilýärdi) (1 Musa 49:1, 2; Matta 10:2, 3; Markus 3:18; Resullar 1:13).