Esasy materiala geçiň

Bagyşlamak näme?

Bagyşlamak näme?

Mukaddes Kitabyň jogaby

 Bagyşlamak — göwnüňe degen adamyň günäsini geçmegi aňladýar. Mukaddes Kitapda «bagyşlamak» diýip terjime edilen grek sözi göni manyda «geçmegi», ýagny kimdir biriniň bergisini geçmegi aňladýar. Isa pygamber bu deňeşdirmäni şägirtlerine doga etmegi öwredende ulandy: «Bize bergisi bolan adamlary bagyşlaýşymyz ýaly, sen-de günälerimizi bagyşla» (Luka 11:4). Şeýle-de ol rehimsiz gul baradaky mysalynda bagyşlamagy bergini geçmek bilen deňeşdirdi (Matta 18:23—35).

 Biz başgalary bagyşlanymyzda ýüregimizdäki ýigrenji aýryp, ýitginiň öwezini dolmagy talap etmeýäris. Mukaddes Kitap ýürekden bagyşlaýan adamyň janaýamaz söýgini görkezýändigini öwredýär. Sebäbi söýgi «ýalňyşlyklary hasaba alýan däldir» (1 Korinfliler 13:4, 5).

Bagyşlamak... aňlatmaýar.

  •   edilen etmişe göz ýummagy... Mukaddes Kitapda erbet işleri zyýansyz hasaplaýan adamlar ýazgarylýar (Işaýa 5:20).

  •   etmişi bolmadyk ýaly hasaplamagy... Hudaý Dawut patyşanyň eden agyr günälerini bagyşlasa-da, onuň erbet netijesinden goramady. Ol hatda Dawudyň eden günälerinden biziň sapak edinmegimiz üçin ony, Mukaddes Kitaba ýazdyrdy (2 Şamuwel 12:9—13).

  •   başgalaryň özüňizden peýdalanmagyna ýol bermegi... Göz öňüne getiriň, siz birine karzyna pul berdiňiz. Ol pullary sowýar, emma aýdan wagtynda bergisini berip bilmeýär. Ol munuň üçin ökünýär we ötünç soraýar. Şeýle ýagdaýda siz gahar-gazaba münüp, etmişini hemişe onuň ýüzüne basmarsyňyz. Gaýtam, ony bagyşlap, hatda bergisinem geçersiňiz. Ýöne şondan soň siz oňa karzyna pul bermeseňiz gerek (Zebur 37:21; Nakyllar 14:15; 22:3; Galatýalylar 6:7).

  •   ýöne ýere bagyşlamagy... Hudaý betniýetlik bilen günä edip, günäsini boýun almaýan, düzelmeýän we etmişi sebäpli ejir çeken adamdan ötünç soramaýan adamlary bagyşlamaýar (Nakyllar 28:13; Resullar 26:20; Ýewreýler 10:26). Şeýle adamlar toba etmeýändigi üçin Hudaýyň duşmany bolýar. Hudaý bizden bagyşlamaýan adamlaryny bagyşlamagy talap etmeýär (Zebur 139:21, 22).

     Kimdir biri size zalymlyk edip, ötünç soramasa we eden işini boýun almasa näme? Mukaddes Kitapda: «Gahardan saklan, gazaby taşla» diýip maslahat berilýär (Zebur 37:8). Etmişi bagyşlaýançaňyz size gahardan saklanmak kyn bolmagy mümkin. Hudaýyň ondan hasap sorajakdygyna ynamly boluň (Ýewreýler 10:30, 31). Şeýle-de tizden Hudaýyň häzirki ýürek ýaralarymyzy bitirjekdigini bilmek bize teselli berýär (Işaýa 65:17; Ylham 21:4).

  •   göwnüňe alan her bir zadyňy unutmagy... Käte kimdir biri biziň göwnümize degen ýaly bolup görünýändir, emma aslynda ondan öýke-kine saklamaga hiç hili sebäp ýokdur. Mukaddes Kitapda: «Tizgahar bolma, çünki gahar akylsyzlaryň gursagynda ornaşýar» diýilýär (Nesihat 7:9).

Nädip bagyşlamaly?

  1.   Bagyşlamagyň näme aňladýandygyny unutmazlyk. Bagyşlamak etmişe göz ýummagy ýa-da ony bolmadyk ýaly hasaplamagy däl-de, unutmagy aňladýar.

  2.   Bagyşlamagyň berýän peýdasy barada oýlanmak. Öýke-kinä we gahar-gazaba ýol bermeseňiz, bu siziň kalbyňyza rahatlyk we şatlyk berer (Nakyllar 14:30; Matta 5:9). Iň wajyby bolsa, başgalary bagyşlasaňyz, Hudaý hem siziň günäleriňizi bagyşlar (Matta 6:14, 15).

  3.   Mähirli bolmak. Biziň ählimiz bikämil (Ýakup 3:2). Adamlaryň bizi bagyşlanda begenişimiz ýaly, bizem olary bagyşlamaly (Matta 7:12).

  4.   Paýhasly bolmak. Kimdir birinden öýkelemäge ujypsyzja sebäp bolsa-da, Mukaddes Kitabyň: «Sabyrly boluň» diýen maslahatyna eýerip bileris (Koloslylar 3:13).

  5.   Haýal etmän hereket etmek. Gahar-gazaba ýol bermän, göwnüňize degen adamy dessine bagyşlamaga çalşyň (Efesliler 4:26, 27).