Esasy materiala geçiň

Hakyky dini nädip tapmaly?

Hakyky dini nädip tapmaly?

Mukaddes Kitabyň jogaby

 Mukaddes Kitapda hakyky dini ýalan dinden nädip tapawutlandyryp bolýandygy barada şeýle mysal getirilýär: «Olary miwelerinden tanarsyňyz. Tikenekden üzüm ýa-da garamandalakdan injir ýygylýarmy näme?» (Matta 7:16). Tikenek bilen üzüm agajynyň tapawudyny miwelerinden bilse bolýar. Şonuň ýaly-da hakyky dini ýalan dinden tapawutlandyrmaga kömek edýän alamatlar bar.

  1.   Hakyky diniň taglymatlary ynsan pelsepelerine däl-de, Mukaddes Kitaba esaslanýar (Ýahýa 4:24; 17:17). Ol ýer ýüzündäki Jennetde boljak ebedi ýaşaýşa umyt, jan we ruh barada hakykaty öwredýär (Zebur 37:29; Işaýa 35:5, 6; Hyzkyl 18:4). Şeýle-de hakyky din ýalan dini taglymatlary aç-açan ýazgarýar (Matta 15:9; 23:27, 28).

  2.   Hakyky din adamlara Hudaý barada bilim almaga we onuň adynyň Ýehowadygyny bilmäge kömek edýär (Zebur 83:18; Işaýa 42:8; Ýahýa 17:3, 6). Ol Hudaýyň bizden uzakda däldigini we oňa ýakynlaşyp bolýandygyny öwredýär. Mundan başga-da Mukaddes Kitapda Hudaýyň biziň özi bilen dostlaşmagymyzy isleýändigi barada aýdylýar (Ýakup 4:8).

  3.   Hakyky din Hudaýyň Isa pygamber arkaly adamlary halas etjekdigini öwredýär (Resullar 4:10, 12). Bu dine uýýan adamlar Isanyň tabşyryklaryna gulak asýarlar we göreldesine eýermäge çalyşýarlar (Ýahýa 13:15; 15:14).

  4.   Hakyky din Hudaýyň Patyşalygynyň adamzat üçin ýeke-täk umytdygyny öwredýär. Oňa uýýan adamlar bu Patyşalyk barada başgalara yhlasly gürrüň berýärler (Matta 10:7; 24:14).

  5.   Hakyky din janaýamaz söýgini ösdürmäge höweslendirýär (Ýahýa 13:35). Ol ähli milletden bolan adamlara hormat goýmalydygyny öwredýär. Bu dine jynsyna, medeniýetine, diline ýa-da aslyna garamazdan, ähli adamlar uýup bilýär (Resullar 10:34, 35). Onuň agzalary bir-birini söýýändikleri üçin urşa gatnaşmaýarlar (Mika 4:3; 1 Ýahýa 3:11, 12).

  6.   Hakyky dinde Hudaýa eden gullugyň üçin hak tölenmeýär we hiç kime ýokary dini at berilmeýär (Matta 23:8—12; 1 Petrus 5:2, 3).

  7.   Hakyky diniň tarapdarlary syýasy meselelerde doly bitaraplygy saklaýarlar (Ýahýa 17:16; 18:36). Emma olar ýaşaýan ýurdunyň hökümetine hormat goýýarlar we Mukaddes Kitapdaky: «Patyşanyňkyny patyşa, Hudaýyňkyny Hudaýa beriň» diýen tabşyryga eýerýärler (Markus 12:17; Rimliler 13:1, 2).

  8.   Hakyky dine uýmak bu ýöne bir däp-dessurlary ýerine ýetirmekligi däl-de, adamyň durmuş ýoluny aňladýar. Hakyky dine uýýan adamlar ähli ýagdaýda Mukaddes Kitabyň ýokary ahlak kadalaryna eýerip ýaşaýarlar (Efesliler 5:3—5; 1 Ýahýa 3:18). Olar muňa gynanman, gaýtam, «bagtly Hudaýa» gulluk edýändigine begenýärler (1 Timoteos 1:11).

  9.   Hakyky dine uýýan adamlaryň sany hemişe az bolar (Matta 7:13, 14). Köplenç olaryň üstünden gülýärler we Hudaýyň islegini berjaý edýändikleri üçin yzarlaýarlar (Matta 5:10—12).

Halan diniňe hakyky din diýip bolarmy?

 Dini öz islegiňe görä saýlamak örän howply. Mukaddes Kitapda adamlaryň «gulaklaryna ýakýan zatlary gürrüň berjek mugallymlary daşyna üýşürjek» döwri barada pygamberlik edildi (2 Timoteos 4:3). Emma köpçüligiň kabul etmeýändigine garamazdan, Ýazgylar bizi «Ata Hudaýymyzyň öňünde tämiz, çirksiz sežde etmäge» çagyrýar (Ýakup 1:27; Ýahýa 15:18, 19).