Esasy materiala geçiň

Isa pygamber haçda öldürildimi?

Isa pygamber haçda öldürildimi?

Mukaddes Kitabyň jogaby

 Köp adamlar haçy hristian dininiň nyşany hasaplaýar. Emma Mukaddes Kitapda Isa pygamberiň nämede öldürilendigi anyk aýdylmaýar. Şol sebäpli ony nämede asyp höküm edendiklerini hiç kim kesgitli aýdyp bilmeýär. Muňa garamazdan, Mukaddes Kitapda Isanyň haçda däl-de, pürsde öldürilendigi barada ençeme subutnamalar bar.

 Mukaddes Kitapda Isa pygamberiň hökümi barada gürrüň edilende, grekçe «stawros» diýen söz ulanylýar (Matta 27:40; Ýahýa 19:17). Bu söz köplenç «haç» diýip terjime edilse-de, alymlaryň köpüsiniň aýtmagyna görä, dik pürs göz öňünde tutulýar a. Bu babatda bir kitapda şeýle diýilýär: «„Stawros“ sözi atanak görnüşinde bir-birine sepleşdirilen iki agajy aňlatmaýar» («A Critical Lexicon and Concordance to the English and Greek New Testament»).

 Mukaddes Kitapda «stawros» sözüne manydaş «ksilon» sözi hem ulanylýar (Resullar 5:30; 1 Petrus 2:24). Bu söz «agaç», «pürs», «hasa» ýa-da «taýak» diýmegi aňladýar b. Bir kitapda şeýle diýilýär: «Injilde atanak görnüşinde bir-birine sepleşdirilen iki pürs barada asla agzalmaýar» («The Companion Bible»).

Hudaý haça sežde etmegi makullaýarmy?

«A crux simplex» — bu latyn jümlesi bolup, jenaýatçyny pürsde çüýlemegi aňladýar

 Isa pygamberiň nähili edip öldürilendigine garamazdan, aşakda getirilen aýatlar Hudaýa sežde edenimizde, haçy ulanmaly däldigimizi görkezýär.

  1.   Hudaýa sežde edenimizde, Ol biziň surat, nyşan we şol sanda haç ulanmagymyzy islemeýär. Ysraýyl halky Hudaýa sežde edende, olara «hiç hili but ýasamazlyk» tabşyryldy. Mesihçiler hem «butparazlykdan gaça» durmaly (5 Musa 4:15—19; 1 Korinfliler 10:14).

  2.   I asyrda ýaşan mesihçiler Hudaýa sežde edenlerinde, haç ulanmandyr c. Mesihçileriň ählisi resullaryň taglymatyna we göreldesine eýermeli (2 Selanikliler 2:15).

  3.   Haça sežde etmek ýalan dinden gelip çykan d. Isa pygamberiň ölüminden ençeme ýyl geçip, buthanalar onuň taglymatyndan ýüz öwrenden soň, hristian dinine ýaňy uýup başlan adamlara «ýalan diniň nyşanlaryny» we şol sanda haçy «ulanmaga rugsat berilýärdi» («The Expanded Vine‘s Expository Dictionary of New Testament Words»). Emma Mukaddes Kitapda şeýle ýol ulanmagyň nädogrudygy aýdylýar (2 Korinfliler 6:17).

a Goşmaça maglumat üçin «New Bible Dictionary» (3-nji neşiri, D. R. W. Wood tarapyndan redaksiýalandyrylan, sah. 245), «Theological Dictionary of the New Testament» (VII tom, sah. 572), «The International Standard Bible Encyclopedia» (Gaýtadan seredilen neşiri, I tom, sah. 825) we «The Imperial Bible-Dictionary» (II tom, sah. 84) atly kitaplara serediň.

b Şeýle-de «The Expanded Vine‘s Expository Dictionary of New Testament Words» (sah. 1165), «A Greek-English Lexicon, by Liddell and Scott, Ninth Edition» (sah. 1191, 1192) we «Theological Dictionary of the New Testament» (V tom, sah. 37) kitaplaryna serediň.

c Şeýle-de «Encyclopædia Britannica» (2003 ý, «Haç» atly makala), «The Cross—Its History and Symbolism» (sah. 40) we «The Companion Bible» («Oxford University Press», goşmaça maglumat No. 162, sah. 186) kitaplaryna serediň.

d Şeýle-de «The Encyclopedia of Religion» (IV tom, sah. 165), «The Encyclopedia Americana» (VIII tom, sah. 246) we «Symbols Around Us» (sah. 205—207) kitaplaryna serediň.