Esasy materiala geçiň

Pul bar belanyň körügimi?

Pul bar belanyň körügimi?

Mukaddes Kitabyň jogaby

 Mukaddes Kitapda puluň erbet zatdygy ýa-da başyňa bela getirýändigini aýdylmaýar. Käbir adamlar köp kynçylyklar pul sebäpli döreýär diýip pikir edýärler. Ýöne Mukaddes Kitapda: «Bar belanyň körügi pul söýgüsidir» a diýilýär (1 Timoteos 6:10).

 Mukaddes Kitapda pul barada näme diýilýär?

 Mukaddes Kitapda puly paýhasly ulansaň köp peýda berýändigi, hatda «gorag bolýandygy» aýdylýar (Nesihat 7:12). Şeýle-de mätäçlere pul kömegini berýänlere ýagşy adam diýilýär (Nakyllar 11:25).

 Mukaddes Kitapda «durmuşyňyzda pul söýgüsine orun bermäň, bar zadyňyza kaýyl boluň» diýip, puluň yzynda hars urmaly däldigi maslahat berilýär (Ýewreýler 13:5). Diýmek, puly ýerlikli sowmaly, baýlyga kowalaşmaly däl. Iýjek çöregimiz, egin-eşigimiz, ýaşar ýaly ýerimiz bar bolsa, barymyza kanagat etmeli (1 Timoteos 6:8).

 Mukaddes Kitapda näme üçin puly söýmäň diýilýär?

 Mukaddes Kitapda açgöz adamlaryň ebedi ýaşaýşy miras almajakdygy aýdylýar (Efesliler 5:5). Açgözlük butparazlyk hasaplanýar (Koloslylar 3:5). Şeýle-de açgöz adam hiç zatdan gaýtmaýar, hatda erbet işlere-de baş goşýar. Nakyllar 28:20-de: «Baýlygyň yzynda hars urýan günäsiz galmaz» diýilýär. Olar adamy gorkuzyp, aldap, urup puluny alýar, haram gazanç edýär, adam ogurlap satýar ýa-da bigünä gan döküp, jenaýat işlerine baş goşýar.

 Puly söýýän adam şeýle agyr günäleri etmese-de, köp kynçylyklara uçrap biler. Mukaddes Kitapda: «Baýajak bolýanlar bolsa synaga, duzaga, akylsyz we erbet höwesleriň toruna düşýändir» diýilýär (1 Timoteos 6:9).

 Pul baradaky maslahatlar bize nädip kömek edip biler?

 Pul üçin erbet işlere baş goşman gaýtam Hudaýy begendirip ýaşasak, adamlaryň öňünde mertebämiz artar, Hudaýy hem razy ederis. Allatagala özüne bil baglaýan adamlara: «Men seni terk etmerin, hiç wagt taşlamaryn» diýip söz berýär (Ýewreýler 13:5, 6). Şeýle-de ol: «Wepaly adam bereket tapar» diýýär (Nakyllar 28:20).

a Käbir terjimelerde şeýle diýilýär: «Ähli erbet zatlaryň köki pul söýgüsidir».